HABARLAŞMAK ÜÇIN



Biziň bilen şu telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

(+99312) 70 - 09 - 97


Bize şu email arkaly hat hem ýazyp bilersiňiz:
selbi-sowda@zip.tm





galereýa

“Selbi Söwda” hojalyk jemgyýeti 2007-nji ýyldan bäri bölek we lomaý söwda, şeýle hem önümçilik pudagynda üstünlikli işlerini alyp barýar. Kompaniýa Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň agzasydyr. 2014-nji ýylda kompaniýa öz işlerini giňeldip, paýtagtyň demirgazygynda “Balyk tagamlary” atly balyk restoranyny açdy we bu ugurda üstünlikli işläp başlady.

BIZ BARADA

Kompaniýanyň iş alyp barýan ugrlaryny giňeltmek we ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, “Selbi Söwda” HJ 2012-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde balyk ösdürilip ýetişdirilýän kärhananyň gurluşygyna başlady. Edil şol ýyl hem, Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynda balyk restoranynyň gurluşygyna badalga berildi. 

2014-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabat-Gökdepe şosse ýolunyň üçünji kilometrinde ýerleşýän “Balyk tagamlary” restoranynyň dabaraly ýagdaýda açylyşy boldy. Özboluşly arhitektura tärinde bina edilen bu restoranyň keşbi döwrebap dizaýn bilen däp bolan milli bezegleriň nagyşlaryny özünde jemleýär. Bu täze bina jemgyýetçilik naharlanyş desgalaryna bildirilýän ähli talaplary doly üpjün edýär.

Desga döwrebap görnüşli iki binadan ybarat bolup, olaryň biri 800 adamy kabul etmäge niýetlenen banket zaly, beýlekisi bolsa 700 adamlyk restorandyr. Bu ýerde myhmanlar üçin ähli oňaýly şertler döredilendir. Her bir gelen adam esasan hem balykdan taýýarlanýan tagamlara aýratyn üns berýän restoranyň aşhanasynda bişirilýän lezzetli naharlaryň gadyryny biler. Balyk we balyk önümleri bu restorana ýörite täzeligine getirilýär.

Balyklaryň dürli görnüşlerini, şol sanda ak amur, sazan, karp we beýleki balyk görnüşlerini saklamak üçin niýetlenen alty bölümden ybarat uly basseýn binanyň howlusynyň çäginde ýerleşýär. Bu ýerde ýaş nahallar oturdylyp, owadan gülleriň bakjasy we ýaşyl otlar bilen bezelen tomusky dynç alyş zaly hem bar. Tennis meýdançasy we 400 orunlyk awtoduralga hem restorana gelýän myhmanlaryň hyzmatyndadyr.

Şol bir wagtyň özünde balyklary ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen desga hem ulanyşa goýberildi. Bu suw fermasynyň emeli howuzlarynda esasan hem ala we ak tolstolob, karp, sazan, lakga we ak amur balyklary ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde ýylda 30 tonna balyk öndüriler. Bu suw fermasynyň çäginde bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirmek üçin gurnalan laboratoriýa hem bar. Döwrebap enjamlar oturdylan bu laboratoriýada özüniň belli bir gyzgynlygyny saklaýan ýapyk görnüşli basseýnler guruldy. Täze açylan “Balyk tagamlary” restoranyny hem göz öňünde tutsak, bu täze kärhananyň müşderileri gün-günden köpelýär. Onuň işe girizilmegi Türkmenistanda azyk bolçulygynyň mundan hem beýläk kemala gelmegine getirer we ilatyň balyk önümlerine bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna saldamly goşant goşar.

PEÝDALY MAGLUMAT

Öň hem belläp geçişimiz ýaly, restoran üçin niýetlenen balyklar suw fermasynda, sanitariýanyň ähli düzgünleri berjaý edilýän arassa we ýapyk howuzlarda ösdürilip ýetişdirilýär.

Balyk restorana diriligine getirilip, onuň howlusyndaky basseýnlere goýberilýär. Eger isleseňiz, Siz basseýnden özüňize ýaraýan balygy hem saýlap bilersiňiz. Baş aşpez bolsa şol ýerde ony Siziň üçin lezzetli edip taýýarlap berer.

Restoranyň menýusynda balykdan taýýarlanan 20-den gowrak naharlaryň görnüşleri, milli we dünýä tagamlarynyň ençemesi, şeýle-de dürli görnüşli içgileriň giň sanawy hödürlenýär.

Bizi tapmak juda aňsat. Şäheriň merkezinden restoranymyza ýeňil awtoulagda gelmek üçin köp bolanda 20 minut gerek bolar.

Döwrebap gurnalan 800 adamlyk banket zalynda durmuş toýlaryny etmek, doglan günleri bellemek, dabaralary we beýleki islendik çäreleri geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.


"Selbi Söwda" HOJALYK JEMGYÝETI