Dury piwo "ZIP № 5 klassik" – bu lager, açyk-ýiti sary reňkli, hmeliň nemes sortlarynyň hoşboý ysly, ýeterlik derejede ýumşak tagamly  gowşak (güýçsüz) piwodyr.  Düzüminde alkogol - 4,0 %, başlangyç lötüň dykyzlygy 11,5%. Açyk reňkli arpa solodyndan taýýarlanýar, we özboluşly tagam bermek üçin az mukdarda şaly (tüwi) goşulýar. Sowadyjy içgi hökmünde içmek gowy we gyzgyn howada teşneligi gandyrýar. 

Biziň piwomyzyň Görnüşleri 


“ZIP Technologies Ltd.” Wenger kompaniýasynyň iň täze awtomatizirlenen tehnologiýalarynyň hasabyna piwonyň önümçiligi ýeňilleşdirildi.  Önümçiligiň her bir tapgyry, harydy gaplamak, materiallar we prosesiň özi ýokary hilli amala aşyrylýar.

"TÄÇ" dury piwo – doly solod tagamly, tylla reňkli, hmel ajymtykly we ajaýyp köpürjikli piwodyr. Şu arpa piwosy piwonyň arassa öndürilişi baradaky 1516-njy ýyldaky nemes kanunynyň talaplaryna laýyklykda gaýnadylan. Bu kanuna laýyklykda gowy klassik piwony gaýnatmak üçin diňe dört komponenti – solody, hmeli, drožlary we arassa suwy ulanmak maslahat berilýär. Düzüminde alkogol 4,2%, başlangyç lötüň dykyzlygy 12%.

"№ 7 Naybaşy" goýy piwo – bu gelip çykyşy boýunça Belgiýaly, lager piwosydyr. Süýjümtik, ajaýyp lagyl öwüşginli, ýumşak karamel tagamly, aram hmellenen we berkligi bilen tapawutlanýan, hem-de ajaýyp hmel hoşboý ysy bilen deňagramlanan piwodyr. Piwonyň bu görnüşini öndürmek üçin Germaniýada öndürilen ýokary hilli çig malyň aýratyn görnüşleri ulanylýar. Bu piwo biziň piwo önümçiligimiziň buýsanjydyr. Düzüminde alkogol 4.7%, başlangyç lötüň dykyzlygy 14%.

"№ 4 Standart" dury piwo- Baýdyň hmel tagamly we hoşboý ysly piwo. Piwonyň bu hiline (sortyna) özboluşly tagamy bermek üçin, ulanylýan ýeňil pilzen soloda “Wenskiý” tipli solod goşulýar.  Özüniň täsin aýratynlygy bilen piwonyň bu görnüşi deňagramly tagamy dörediji nemes we çehiýa ýeňil ajy hmele baglydyr. Düzüminde alkogol 4,2%, başlangyç lötüň dykyzlygy 12%.

«TEŞNE», «SEÝRAN» alkogolsyz piwolar – iň häzirki zaman önümidir. Ol ХХ ýüz ýyllygyň 70-nji ýyllarynda ýüze çykyp, birnäçe musulman ýurtlarynda, hususan-da ýaşlaryň arasynda meşhur içgileriň biri bolup durýar. Şoňa laýyklykda, biziň zawodymyz ilkinji bolup Türkmenistanda «TEŞNE» we «SEÝRAN» atlary bilen alkogolsyz piwolaryň önümçiligini ýola goýdy, hem-de önümçilikde diňe tebigy çig mal ulandy. Piwo 0,5 l. we 0,32 l. çüýşeli gapda ýa-da guýup bermek görnüşde çykarylýar. Bu diňe bir düzüminde alkogol bolman, eýsem gowy organoleptik görnüşlidir. Reňki – ýiti sary, arassa, solod tagamly, ýeňil hmel hoşboý ysly, keseki yslar bolmazdan, ýakymly kömürturşy gazly bolup, gowy köpürjikli durnukly piwodyr.  

​​Dury we garamtyl (filtrlenmedik) bugdaý piwosy – filtrlenmedik bugdaý piwosy özboluşly hoşboý ysly we ýaş bugdaý tagamlydyr. Ulanmak üçin örän lezzetli we ýeňildir. Ýokary köpürjikli. Mylaýym hmel ajymtyklygy örän dykgatly saýlanyp alnan. Önümçilikde diňe ýokary hilli nemes bugdaý we arpa solody, hem-de hoşboý ysly hmel ulanylýar.  Adatça, bugdaý piwosy filtrlenmedik görnüşde hödürlenýär we adaty tomus piwosy hasaplanýar. Şeýle görnüşli piwonyň toplumlaýyn tagam beriji aýrtynlyklarynyň aýdyň bolmagy üçin, bu içgi sowadylyp içilýär, emma çenden aşa sowadylmaýar. Düzüminde alkogol 4,2 %, başlangyç lötüň dykyzlygy 12 %.

Lager – aşaky ajamasy drožlaryny ulanmak bilen ýasalýan piwo: ajama has pes temperaturada geçirilýär, ajama prosesinde drožlar aşak çökýär.

Bugdaý piwosy – piwonyň bu görnüşi gaýnadylanda ýokary ajama drožlar, hem-de bugdaý solodynyň azyndan 50% ulanylýar: drožlar has ýokary temperaturada piwo lötüniň üstünde işleýärler.

Iň lezzetli piwo – bu sowadylan piwodyr!

Temperaturanyň iň amatly derejesi +8 gradus.