BIZ BARADA

Döwrebap Ýewropa tehnologiýasy ornaşdyrylan içgi kärhanasy Aşgabadyň etegindäki Abadan ykdysady zolagynda guruldy. Kärhanada Germaniýanyň, Italiýanyň we Polşanyň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen ýokary tehnologiýa enjamlary ulanylýar.

“Mahmal Zip” HJ Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň agzasydyr.



ÖNÜMLER

Içgileriň ähli görnüşiniň önümçiliginde ýokary hilli çig mallar we döwrebap tehnologiýa ulanylýar. Içginiň her bir görnüşiniň esasy düzümi bolan tebigy goşundylar Ýewropada öndürilip, olar “Mahmal Zip” HJ-niň kärhanasyna Russiýanyň “SoýuzSnab” kompaniýasy tarapyndan iberilýär.

Kärhanada 38 görnüşli içgi öndürilip, olaryň iň meşhurlary şulardyr:


Kwas - Gündogar Ýewropa we Aziýa sebitlerinde iň meşhur we giňden ýaýran sowadyjy içgileriň biridir.

Kwas örän peýdaly önüm hasaplanýar, gaýtalanmajak tagamly we hoşboý yslydyr. Ýokary energetiki gymmatlygy bar we turşulyklary saklamagy netijesinde suwsuzlygy gowy gandyrýar. Kwasda saklanýan kömür turşusy iýmit siňdirilmegine we işdäň açylmagyna ýardam edýär.

Adaty kwas şire suwunyň tamamlanmadyk spirtli we süýtli turşamasy arkaly taýýarlanýar we etil spirtiniň 1,2% ýokary bolmadyk göwrümli bölegini saklaýar.

 “Mahmal Zip” H.J. ýokary hilli TEBIGY KWASY iki görnüşli gapda öndürýär, 1,5 we 0,475 litr sygymly PET çüýşe we 0,5 litr sygymly alýumin banka.


Mohito – Suwsuzlygy örän gowy gandyrýan bütin dünýäde meşhur bolan laým we narpyz esasly kubin kokteýli adatça klassiki bar içgisi hasaplanýar. Süýji serginleşdiriji sitrusyň we narpyzyň utgaşmasy bu kokteýli iň meşhur tomus içgileriniň biri etdi.

“Mahmal Zip” H.J. Mohito içgisini iki görnüşli gapda öndürýär, 1,5 we 0,475 litr sygymly PET çüýşe we 0,33 litr sygymly alýumin banka.



Reýhan – Reýhandan edilen içgi merkezi Aziýanyň çäginde gadymdan bäri örän meşhur bolupdyr. Aýratyn tagamly we hoşboý ysly sowadyjy içgi suwsuzlygyňy örän gowy gandyrýar we serginleşdirýär.

“Mahmal Zip” H.J.-nyň tehnologlary Türkmenistanda ilkinji bolup içginiň düzümini işläp taýýarladylar we Reýhan alkogolsyz içgini önümçilige goýberdiler.
 
Reýhan iki görnüşli gapda öndürilýär, 1,5 we 0,475 litr sygymly PET çüýşe we 0,33 litr sygymly alýumin banka.
 


Sinalko- Dünýä belli nemes brendli we 100 ýyldan gowrak taryhly içgi TÜRKMENISTANDA! Sinalco Cola we Sinalco Orange içgileriniň wagtyň geçmegi bilen barlanan we dünýäniň 85-den gowrak döwletinde kabul edilen ýiti we ýatdan çykmajak tagamlary indi türkmen ulanyjylary üçin hem elýeterdir.


“Mahmal Zip” H.J. içginiň önümçiligi we ýaýradylmagy boýunça Türkmenistanda “Sinalco”-nyň ýeke-täk ygtyýarly wekili bolup durýar. Häzirki günde Sinalco Cola we Sinalco Orange içgileri iki görnüşli gapda öndürilýär, 1,5 we 0,5 litr sygymly PET çüýşe we 0,33 litr sygymly alýumin banka.


“Mahmal Zip” markasy bilen öndürilýän içgileriň meşhurlygy ýyl-ýyldan diňe ýokarlanyp, muňa ýyllyk önümçilik görkezijileri şaýatlyk edýär. Öndürilýän içgileriň görnüşleri hem artýar.

Kompaniýanyň şygary: 

                             
    – Her damjadan lezzet al!

HABARLAŞMAK ÜÇIN

Siz biziň bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: 
(+99312) 33-31-10, 34-75-22.

Bize şu email arkaly hat hem ýazyp bilersiňiz: 
mahmal@zip.tm

“Mahmal Zip” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň bazarynda alkogolsyz içgileri öndürip we önümlerini alyjylara ýetirip, üstünlikli derejede barha ulalýan ýaş kompaniýadyr. Öndürýän içgileriniň görnüşleriniň köp bolmagy we hiliniň ýokary bolmagy kompaniýanyň önümlerine uly meşhurlyk gazandyrýar.

"MAHMAL ZIP" HOJALYK JEMGYÝETI