biz barada


“Biýat” hojalyk jemgyýeti öz işine baryp 1996-njy ýylda başlady. Şol mahal kompaniýa piwony Aşgabadyň etegindäki kiçeňräk kärhanada öndürýärdi. Piwo önümçiligi üçin niýetlenen enjamlar Wengriýanyň “Zip Technologies Ltd” kompaniýasyndan satyn alyndy. Piwonyň söwda markalarynyň biri bolan “ZIP” öz adynyň gözbaşyny şondan alyp gaýdýar. “Biýat” kompaniýasy şondan bäri, ýyl-ýyldan öz önümçilik kuwwatyny artdyrdy, önümleriniň hilini ýokarlandyrdy we öndürýän piwosynyň görnüşlerini köpeltdi.

Uzak ýyllaryň dowamynda piwo Türkmenistana Russiýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan import edilip, ýerli piwo önümleriniň hili import edilýänleriňkiden asgyn gelýärdi. Emma soňky ýyllarda bu ýagdaý düýpgöter özgerip başlady. “Biýat” hojalyk jemgyýetiniň ösüş strategiýasynyň baş maksady öndürilýän önümiň hilini ýokarlandyrmakdyr. Agzalýan ösüş strategiýasynyň çäklerinde kompaniýa soňky ýyllaryň dowamynda Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankyndan bäş gezek kredit karzyny alyp, bu maliýe serişdelerini kärhananyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, önümleriň hilini ýokarlandyrmak we döwrebap önümçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmak üçin sarp etdi.


Çig malyň hili

Piwony öndürmek üçin solod, hmel we drožlar esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Piwo önümçiliginde esasy çig maly bolan solod, ol emeli şertlerde ösdürilip ýetişdirilen, soňra kesgitli çyglylykda we temperaturada guradylan däneli ösümlikleriň dänesidir.

Hmel – köpýyllyk çyrmaşýan ösümlikdir. Piwo ýasalanda onuň diňe gozasy ulanylýar. Hmel ýygnalandan soň, ol guradylýar we goza hökmünde, döwlüp maýdalanan we hmel ekstrakty  görnüşinde ulanylýar. Hmel piwonyň tagamynyň we ýakymly ysynyň spesifikasyny düzüji bolup, piwo saklananda onuň durnuklylygyny ýokarlandyrýar, piwonyň gowy durlanmagyna we köpürjigiň emele gelmegine ýardam berýär.

Biziň kärhanamyz öz abraýyny goraýar, hem-de çig maly daşary ýurtlardan we diňe ýokary hilli çig maly satyn alýar. Solody esasy getiriji "Brew Trade GmbH" nemes firmasy, hmeli, drožlary we kizelgury bolsa – Germaniýanyň, Fransiýanyň we Belgiýanyň firmalary getirýär. Kömekçi materiallar – çüýşeler, bankalar, gapaklar hem Russiýanyň, Belorussiýanyň, Ukrainanyň we Türkiýäniň ygtybarly firmalaryndan gelip gowuşýar. 

"BIÝAT" HJ

​HABARLAŞMAK ÜÇIN:​


Siz biziň bilen şu telefonlar arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+99312) 34 09 10, 35 07 03

​Söwda bölümi:
(+99312) 34 09 30

Ýa-da
biyat@zip.tm elektron salgysy boýunça hat ýazyp bilersiňiz.

"Biýat" hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda iň uly piwo öndürijileriň biri bolup durýar. Kompaniýa birnäçe ýyllaryň dowamynda meşhur "ZIP" söwda belgili piwosyny öndürýär. Kompaniýanyň önümi ýokary hilliligi we bahasynyň elýeterliligi sebäpli, Türkmenistanyň ilatynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Piwonyň görnüşleriniň dürlüligi hem-de markasy ýylsaýyn artýar.