“Aýrak” hojalyk jemgyýeti müşderileri sap we ygtybarly CO2 bilen üznüksiz üpjün edýär. Şol sebäpli, Türkmenistanyň öňdebaryjy alkogolly we alkogolsyz içgi öndürijileri özleriniň CO2 gazlandyryş işlerinde “Aýrak” hojalyk jemgyýeti bilen işleşip, onuň hyzmatlaryna ýokary baha berýärler. 


CO2 gazlandyryş näme?

Kömürturşy gazy alkogolsyz içgilere aýratyn tagam gatýar. CO2 alkogolsyz içgileriň, emeli usulda gazlaşdyrylan mineral suwlaryň öndürilmeginde esasy goşundy bolup hyzmat edýär.



habarlaşmak üçin


Tel:(+993 12) 33-31-10               E-mail: mahmal@zip.tm



Kärhana


"Aýrak" hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda içgi senagaty üçin CO2 gazlandyryş hyzmatyny hödürleýär.


Kompaniýa ýurtda içgiler üçin CO2 senagatynda bar bolan tejribeleri özgertmekde öňdebaryjy orna eýedir. Bu ýörelge, şeýle hem dowamly kämilleşdiriş, her bir işiň tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilmegini kepillendirýär.


Aşgabat şäheriniň Abadan etrabyndaky ZIP piwo kärhanasynyň golaýynda ýerleşýän “Aýrak” kärhanasy suwuklandyrylan CO2 gazyny öndürip, ZIP piwo önümçiliginiň giňemegine goşant goşýar. “Aýrak” kompaniýasy “Biýat” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik möçberiniň iki esse köpelmeginde uly orun eýeledi.

"AÝRAK" HOJALYK JEMGYÝETI