Joraplaryň “Armagan”, “Bahar” we “Diplomat” markalary iň ýokary oňaýlylyk we gigiýena üçin öndürilendir. Kompaniýanyň standart jorap önümleri 80% pagta we çeýeligi kepillendirýän 20% poliamid ýa-da laýkradyr. “Armagan” müşderileriň islegine görä 100% pagta joraplary hem öndürýär. Jorap önümçiliginde ulanylýan reňk boýaglarynyň hili ýokarydyr.


Kompaniýanyň maksady, siziň durmuş ýoluňyz we iş şertleriňiz nähili bolsa-da, ähli ýagdaýlara çydamly, ýokary hilli we ýumşak joraplary öndürip bermekdir.



HABARLAŞMAK ÜÇIN


Tel: (+993 12) 34-12-99               E-mail: armagan@zip.tm

Önümçılık

"ARMAGAN" HOJALYK JEMGYÝETI

“Armagan” hojalyk jemgyýeti ýokary hilli türkmen pagtasyndan jorap öndürýär. Ulanylýan türkmen pagtasynyň süými Ring Ne 20/1, Ne 24/1 we Ne 30/1 görnüşlerinden ybaratdyr. Kärhanada Britaniýanyň “Bentleý Komet” jorap örüji enjamlary we Italiýanyň jorap önümçiligi üçin niýetlenen “Konti Komplet” tikin maşynlary ulanylýar.


“Armagan” müşderileriň aýratyn talaplaryna görä uzyn joraplary hem öndürýär. Onuň öndürýän jorap önümleri esasan hem tomus paslynda has oňaýlydyr. Sebäbi olaryň önümçiliginde ýokary hilli pagta süými ulanylýar.